«Bonsai» sungaty

24 Awgust 2022
845

Tebigat bilen ynsan hemişe sazlaşykly gatnaşykda bolýar. Adamlaryň tebigata bolan söýgüsiniň netijesinde ençeme ajaýyp sungat eserleri döreýär. Şolaryň biri hem agajyň ýörite saýlanyp alnan şahalaryndan döredilýän «Bonsai» sungatydyr. Bu sungat «gap», «tabak» diýen manylary berýän «bon» hem-de «ösümlik», «agaç» manysyndaky «sai» diýen ýapon sözleriniň birleşmesinden dörändir. Ilkinji gezek Hytaýda dörän «Bonsai» sungaty VII — IX asyrlarda Ýaponiýa ýaýraýar. Hytaýda «Penjing» diýlip atlandyrylýan agajyň ýörite gaplarda saklanmagy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdypdyr. Ýöne «Penjing» agajyny ýörite gaplarda ösdürip ýetişdirmek sungaty «Bonsaiden» düýpli tapawutlanypdyr. Ýagny onda bir gapda birbada birnäçe (miniatýur) kiçi göwrümli agaçlar ýerleşdirilip, olaryň kölegesinde bolsa oturan adamyň keşbi şekillendirilipdir.

«Bonsai» agaçlaryň ýaşaýşyna bolan hormata, we olaryň goralmagyna gönükdirilen bir sungatdyr. Kiçi göwrümlidigine garamazdan, olaryň töweregimizi gurşap alan baglardan tapawudy ýokdur. «Bonsai» agaçlaryny ýetişdirmek köp wagty we ýörite idegi talap edýär. Saýlanyp alnan agajyň toprak-howa şertlerine we çyglylygyna aýratyn üns berilmelidir. «Bonsai» üçin iň amatly agaç fikusdyr. Tebigatda bu sungata örän meňzeş agaçlar hem bardyr. Olar «Ýamadori» diýlip atlandyrylýar. Eger ýaýbaň, giň gaplarda ýerleşdirilip, oňat ideg edilse, «Bonsailer» 3 ýylyň içinde ýetişýär. Bu döwürde olary gerekli görnüşe getirmek hem amatly bolýar. Adatça, bu kiçi göwrümli agaçlaryň boýy 15 santimetre çenli ösýär. Olaryň sübse, şaglawuk şekilli adaty bolmadyk görnüşleri hem ösdürilip ýetişdirilýär.