Oklukirpi özboluşly häsiýetli, gemriji ýabany haýwandyr. Onuň uzynlygy 1 metre barabardyr, agramy bolsa 16dan 24 kg çenlidir. Çagalarynyň uzyn tüýleri bir hepdäniň içinde gatap, iňňä öwrülip, eýýäm sançmagada ýaraýar.
Olar oturymly bolsalarda, kähalatlar iýmit gözläp, bir gijede onlarça kilometr aralygy geçýärler. Oklukirpi ýazyna ösümlikleriň baldaklary, kökleri, tomsuna we güýzüne miweler, dürli ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýär. Gyşyna gyrymsy agaçlaryň gabygyny gemirmek, çybygyny çeýnemek bilen oňýar. Iň halaýan iýmiti çomuç, onuň palajy we köküdir.