Güýz ahwallary

6 Sentýabr 2022
821

Güýz paslynyň gelmegi bilen, tebigata üýtgeşik rahatlyk aralaşýan ýaly bolýar. Türkmen sährasynyň Güneşiň şöhlesine çalymdaş altynsow öwüşgine beslenýän günleri kalbymy ajaýyp duýgular gaplap alýar. Güýz paslynda täze okuw ýylyna badalga berilýär. Güýzüň ilkinji güni ak mekdepleriň gujagyna dolýan körpeleriň şadyýan sesleri, ilkinji gezek okuwa barýan çaganyň päkize duýgulary, «talyp» diýen ada mynasyp bolanyna begenip, aýagy ýere degmän bilim ojagyna howlukýan ýaşlaryň tolgunmalary... bütin barlyga buşluk habaryna garaşýan ýaly täsin duýgyny bagyşlaýar.

Güýz mukaddes duýgulardan, umytlardan we täze arzuwlardan doly pasyl. Güýzde türkmen halky üçin mukaddes baýram bolan Garaşsyzlyk baýramy bellenilýär. Garaşsyzlygyň halkymyz üçin gymmaty-şany bimöçberdir, şonuň üçin güýzüň ilkinji günlerinden bu baýramy dabaraly-derejeli toýlamak üçin görülýän taýýarlyklarda-da üýtgeşik ýakym bar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dürli bäsleşikleriň jemi jemlenilip, ýeňijilere, zähmet ussatlaryna sylag-serpaýlar gowşurylýar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».