Owadan daragt

31 Awgust 2022
949

Gözel tebigatyň iň owadan agaçlarynyň biri hasaplanýan, seýrek duş gelýän daragt deloniks agajydyr. Bu agajyň watanynyň Madagaskardygyna garamazdan, ol bu adada hem seýrek duş gelýär. Agaç saýawan şekilli bolup, kölegesinde beýleki ösümlikler bitmeýär. Şonuň üçin ir wagtlar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan bu agaçlar ýok edilipdir. Bu ösümlik häzirki wagtda tropik zolakda ýerleşýän ýurtlaryň köçelerini, seýilgählerini abadanlaşdyrmakda we bezemekde giňden ulanylýar. Onuň duş gelýän ýerleri Karib deňziniň kenary we Kangra adalary, Afrika, Demirgazyk Awstraliýa, Gonkong, Taýland we Braziliýadyr. Deloniksiň gülleýän döwri demirgazyk ýarym şarda maý aýyndan iýun aýyna çenli dowam edýär we ol gyzyl, sary güller bilen örtülýär. Bu agaja başgaça alaw ýa-da ot agajy hem diýipdirler. Hindiler tawus güli, bengallylar Krişnanyň täji, wýetnamlylar bolsa feniks sandygy diýip atlandyrypdyrlar. Sebäbi bu agaç güllän wagty özüniň owadanlygy, reňki bilen aýratyn tapawutlanýar. Tropik ösümlikleriň arasynda deloniks iň owadan daragtlaryň bäşliginiň hataryna girýär.

Deloniks gaty durnukly we çydamly agaçdyr, sebäbi düýbüne gaty çuňňur kök urýar we şeýlelik bilen, iň güýçli tupanlara hem garşy durup bilýär. Bu agaç topragyň we howa şertleriniň dürli görnüşlerine örän oňat uýgunlaşýar. Agajyň beýikligi 20 metre çenli uzaýar. Ýaş agajy, garry agaçdan, esasan, gabygy bilen tapawutlandyryp bolýar. Deloniksiň esasy aýratynlygy, ýapraklarynyň gijelerine bukulmagydyr. Güllemek döwri ýazda başlaýar  we 2 aý töweregi dowam edýär. Otag şertlerinde-de 12 — 15 dereje ýylylykda ösdürip bolýar. Hemişe gök öwüsýändigi sebäpli, tomusda howluda, gyşda otagda ösdürmek bolýar.

Ogulsapar RAHMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.