Irisler — bezeg gülleri

25 Awgust 2022
799

Baglaryň, gülleriň köpdürlüligini artdyrmak, olary has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda ösümlikleriň bioekologik aýratynlyklaryny öwrenmäge, olary gorap saklamaga gönükdirilen ylmy-barlag işleri geçirilýär. Munuň özi ösümlikleriň dürli görnüşlerini Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmaga we olaryň biologik aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenip düzülen ösümlikler bolsa ýurdumyzyň bezeg-bagçylyk işlerinde giňden ulanylýar.

Botanika bagynda ösümlikleriň täze şertlere uýgunlaşmasy kyn bolan görnüşleri, olaryň biologik aýratynlyklaryna laýyklykda, ýörite niýetlenen meýdançalarda ösdürilýär we bu babatdaky kolleksiýa gorunyň üsti ýetirilýär.

Gülzar BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň bölüm müdiri.