(Oýlanma)
Güýz, sary dona beslenen güýz, gel işikden, gör, ne edip umytlary wysal bilen işip sen. Ýa-da arzuwlara badalga bolup ätlediňmi, güýzüm! Sargylt dünýäň kalbymyzy zer jähek bilen nagyşlap başlar! Baý, şonda şygra muwapyk göwünler şeýle bir joş alar welin, heý, goýaý. Hawa, sarymtyl lybasly owadan paslym, hoş gelipsiň!