«Baky ösümlik»

25 Awgust 2022
872

Sungat adamlary, ýazyjy-şahyrlar üçin ylham çeşmesi, suratkeşleriň eserleriniň nusgasy bolan tebigat janly-jandara sagdynlyk eçilýän dürli ösümlikleriň hem soňsuz hazynasydyr. Güneşden mähri ganan türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň melhemlik täsiriniň has güýçlüdigini bilermenler hem nygtaýarlar. Melhem ýokumlaryna baý ösümlikleriň biri-de ir döwürlerde arap şahyrlary tarapyndan «mübärek ot» diýip tarypy ýetirilen semzekdir.

Watany Hindistan hasaplanýan semzegiň häzirki wagtda dünýäde 600-e golaý görnüşiniň bardygyny bilermenler aýdýarlar. Ol melhem ot hökmünde-de, iýmit hökmünde-de dünýä ýüzüne ir döwürlerde ýaýrapdyr. Semzegiň melhemlik häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda-da giňişleýin gürrüň edilýär.

Taýýarlan Leýla SÄHETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.