Ýaşlar syýasaty: giň mümkinçilikler, oňyn tejribeler

11 Awgust 2022
584

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany hökmünde wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýmek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky aladany esasy maksatlarynyň hatarynda kesgitländigini nygtady. Şunda täze taryhy döwürde ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, olaryň başlangyçlaryny höweslendirmek ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Türkmen ýaşlarynyň halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlardyr festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem şu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Golaýda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň Ýaşlar sammiti geçirildi we oňa dünýäniň 60-dan gowrak döwletine wekilçilik edýän ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistandan hem wekiliň bolmagy ýurdumyzyň agzalan guramanyň çägindäki köptaraplaýyn hereketlere uly gyzyklanma bildirýändigini, döwletara gatnaşyklarda, parahatçylygy we özara ynanyşmagy berkitmekde ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny anyk görkezdi. Bu forum Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlary üçin häzirki zaman dünýäsiniň çylşyrymly meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edip, olar barada bilelikde pikir alyşmak, agza döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ugurlarydyr maksatlary, aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň sammite gatnaşyjylara iberen Gutlagynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň Başlygy Abdulla Şahidiň wideoýüzlenmesinde, Goşulyşmazlyk Hereketiniň Ýaşlar torunyň ýolbaşçysynyň, Azerbaýjanyň Daşary işler, Ýaşlaryň işleri we sport ministrlikleriniň wekilleriniň, deputatlaryň çykyşlarynda hem ýaşlar hereketini höweslendirmegiň, birek-birek bilen tejribe alyşmagyň zerurdygy barada aýratyn nygtaldy.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy.