Halkara derejeli duşuşyk

5 Awgust 2022
560

1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

«Watan».