Türkmenistanyň täze başlangyçlary

5 Awgust 2022
660

dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine saldamly goşantdyr

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda bolsa, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça öňe süren täze başlangyçlary muny nobatdaky gezek tassyklady.