Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat geçirildi. Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan bu halkara maslahatyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralmagy, biziň ýurdumyzda döwlete dahylly we dahylsyz edaralaryň ysnyşykly işleri alyp barmak bilen, bir maksada gulluk edýändigini görkezýär. Maslahata milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşýan halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Forumda oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulaglarynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-kommunikasiýa ulgamynda, has takygy, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalary we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.