Merkezi Aziýa: bitewi ykdysady giňişligi emele getirmegiň ýolunda

26 Iýul 2022
629

Elbetde, şeýle giňişlik döremelidir we eýýäm döräp ýör. Muny durmuşyň özi salgy berýär. Ýöne ol haçan gutarnykly dörär?! Ýene üç ýyldanmy, bäş ýa on ýyldanmy? Mesele şunda. Soňky iki-üç ýylyň wakalaryndan çen tutsaň, sebitimiziň ykbalynda hökman bolaýmaly hem-de oňa garaşylýan täzeden Galkynyş döwrüniň gelmegine az wagt galypdyr.

Merkezi Aziýanyň halklary uzak asyrlaryň dowamynda garaşly bolup geldiler, kynçylygy, horlugy görüp ýaşadylar. Indi döwür üýtgedi, sebitiň halklary täzeden galkynmaga taryhy mümkinçilik aldylar: olar köp garaşdyran ýurt Garaşsyzlygyna eýe boldular. Garaşsyzlygyň 30 ýyly halklaryň demini dürsemegine, ösüş ýoluny saýlamaga harç edildi. 30 ýyl az möhlet däl, elbetde, ýöne aň-düşünje bir günde ýa bir ýylda özgermeýär, oňa wagt gerek. Geçen döwür biziň nepesimizi durlamaga, ata-baba köklerimize dolanmaga hem-de mundan beýläkki ösüş ýolumyzy saýlap-seçmäge gerek boldy.

Seýitguly GELDIÝEW.
“Türkmenistan”.