Parahatçylyga hem bagtyýarlyga uzaýan ýol

26 Iýul 2022
529

Şu ýylyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy sebiti syýasy, ykdysady, medeni, işewürlik, ulag-logistika taýdan ösdürmekde, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde täze başlangyçlarydyr garaýyşlary ýüze çykardy. Sebitiň ýokary derejeli forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyş edip, Merkezi Aziýany ählitaraplaýyn ösdürmek, şeýle-de asudalygy, parahatçylygy hem-de birek-birege ynanyşmagy berkitmek bilen baglanyşykly beýan eden teklipleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitdäki ähmiýetiniň şöhlelenmesine öwrüldi.

Sebitiň asudalygy, halklaryň agzybirligi, serhetleriň eldegrilmesizligi, munuň üçin özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we parahatçylyga hyzmat etjek täze gurallary döretmek gürrüňi edilýän forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz konsultatiw duşuşykda eden çykyşynda bu barada giňişleýin durup geçmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu teklip sebitiň hem yklymyň howpsuzlygyny we parahatçylygyny gorap saklamakda hem-de berkitmekde juda ähmiýetlidir.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.