Türk­me­nis­tan — ÝU­NES­KO: hyz­mat­daş­lyk iş­jeň­leş­di­ril­ýär

26 Iýul 2022
613

Öň­ňin Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne to­pa­ryň 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri we gel­jek dö­wür üçin iş­le­riň me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Çy­kyş­lar­da ha­sa­bat döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gör­kez­me­le­ri­ne hem-de tab­şy­ryk­la­ry­na, to­pa­ryň 2022-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­re, ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň 2021 — 2023-nji ýyl­lar üçin Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».