ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

26 Iýul 2022
634

Aşgabat, 25-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

Çykyşlarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna, toparyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere, ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna laýyklykda alnyp barlan işler barada habar berildi.