Dünýä syýasatynda parlak ýyldyz

26 Iýul 2022
622

...Makalamyza şeýle at goýmagymyz ýöne ýerden däl. Şeýle pikire gelmäge bizi Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine ählihalk ynamy netijesinde saýlanan wagtyndan bäri halkara syýasatda gazanýan at-abraýy esas berýär. Adatça, täze saýlanan döwlet Baştutanynyň, syýasatçynyň özüni açmagy, iş başarjaňlygyny, zehindir ukybyny, goldanýan syýasatyny aýdyňlaşdyrmagy üçin mazaly wagt gerek. Emma Arkadagly Serdarymyz turuwbaşdan şeýle ýokary döwlet wezipesinde özüniň öňdengörüji, çuň pähim-paýhasly, ýiti syýasatçydygyny subut etmegi başardy.

Magtymgulynyň: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ukyp-başarnyklarynyň, zehininiň gözbaşynda döwrümiziň ykrar edilen syýasatçysy Gahryman Arkadagymyzyň ata-baba aslyndan gözbaş alýan syýasy we durmuş tejribesi bar. Özi-de hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň bu ýol-ýörelgesini döwrebap syýasy hem ykdysady ýagdaýlara oňat düşünýän, gujurly ýolbaşçy hökmünde täze derejä çykarýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».