Ýurdumyzda ilkinji ÝUNESKO kluby

25 Iýul 2022
549

22-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ilkinji ÝUNESKO kluby dabaraly ýagdaýda açyldy. «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň açylyş dabarasyna institutyň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle hem dabara ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzda ilkinji gezek döredilen bu klubuň maksatlarydyr wezipeleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa çykyş edip, klubuň esasy maksadynyň adalatlylygyň we adam hukuklarynyň ählumumy hormatyny üpjün etmek maksady bilen, ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmekden ybaratdygyny belledi. Dabara gatnaşanlaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO kluby institutyň ÝUNESKO-nyň ileri tutýan maksatlaryna eýerýän we olara gyzyklanma bildirýän talyplarynyňdyr mugallymlarynyň birleşmesi bolar. Olar gönüden-göni bu guramanyň alyp barýan işi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirip, olary köpçülige wagyz etmek ugrunda tagalla ederler.

"Nesil".