Merkezi Aziýa: mümkinçilikleriň «altyn açary»

25 Iýul 2022
607

Bu sebit Aziýanyň ýüreginde ýerleşip, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ägirt uly mümkinçiliklere eýe hyzmatdaşlyk çatrygydyr

Sözbaşydaky tassyklamamyz edil Ýewklidiň 5-nji postulaty ýaly jedelsiz aksiomadyr. Çünki amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýa taryhyň bütin dowamynda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup geldi we şeýle bolmagynda-da galýar. Şonuň üçin-de, sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Bu wezipäni üstünlikli çözmek bolsa, ilkinji nobatda, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge oňaýsyzlyk döredýän täsirleri aradan aýryp biljek netijeli gurallary işläp taýýarlamagy we durmuşa ornaşdyrmagy talap edýär. Şu meselelerdir zerurlyklar dogrusynda 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda giňişleýin durlup geçildi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan möhüm teklipler öňe sürüldi.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.