Gadymyýetden gözbaşly asylly ýörelgelerimiziň biri-de özara sylanyşyga we hormat-sarpa esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarydyr. Bu ýörelgäniň nesillerden nesillere, asyrlardan asyrlara geçip, yzygiderli kämilleşdirilip, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylyp biziň günlerimize ýetirilmegi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň durmuşda uly orna we möhüm ähmiýete eýediginden habar berýär.
Döwür, durmuş ösdügiçe, goňşuçylyk gatnaşyklary-da giň mana, möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, bu günki gün hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary halklaryň ýakynlaşmagynyň, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmak bilen, aýratyn ähmiýetli hyzmaty ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin goňşy döwletler bilen özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär, strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de iş ýüzünde subut edýär.