Türkmenistan — Gruziýa: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär

22 Iýul 2022
537

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Ilkinji nobatda, Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki saparynyň şanly senä beslenen ýylda geçýändigini bellemelidiris. Şu ýylyň 16-njy iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Hususan-da, taraplar dürli taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak meselesine aýratyn üns berdiler. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Hususy işewürlik ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň bilelikdäki anyk meýilnamalara we maksatnamalara esaslanmalydygyny bellediler.

"Nesil".