Bähbitli hyzmatdaşlyk

22 Iýul 2022
630

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Durmuşa geçirilen bilelikdäki iri taslamalar, şol sanda elektroenergetika ulgamyndaky taslamalar bu hyzmatdaşlygyň aýdyň miweleridir.

«Watan».