Goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze sepgitleri

22 Iýul 2022
613

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda goňşy Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet sapary iki doganlyk halkyň köpasyrlyk gatnaşygyny mundan beýläk-de berkitmäge we ýygjamlaşdyrmaga esas döretdi. Bilşimiz ýaly, bu saparyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli geleşikleriň hem birnäçesi baglaşyldy. Golaýda birleşmämiziň welaýat bölüminde geçirilen maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Oňa hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň işgärleri, telekeçiler we partiýa agzalary gatnaşdylar.

«Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň täze sepgitleri» diýen at bilen guralan bu maslahatda türkmen-özbek sebit forumynyň we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň anyk netijeleri, özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça bildirilen gyzyklanmalar, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleri dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Türkmen-özbek sebit forumyna gatnaşan we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen geleşikleri baglaşan telekeçileriň arasynda partiýa agzalarymyzyň hem bardygy bizi örän buýsandyrýar. Maslahatda olar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.  

Zerhal NARMAMEDOWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.