Parlamentara gatnaşyklarda täze sahypa

22 Iýul 2022
561

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu sapar ýokary derejeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň toplumy boýunça, ýagny syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri babatda örän netijeli boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sapary geljekde iki dostlukly ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň-da işjeňleşdirilmegine we barha ösdürilmegine uly itergi berer.

Türkmenistan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry bolan parlament diplomatiýasyny konseptual taýdan örän möhüm, ählumumy derejede özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu günki gün diplomatiýanyň parlament ölçegleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de olaryň komitetleriniň halkara dialoga işjeň gatnaşýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleri we serişdeleri dünýä döwletleri bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle-de, sebit we halkara guramalaryň hem-de parlament assambleýalarynyň çäginde Watanymyzyň bähbitlerini goramaga gönükdirilýär. Bu işde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasy hem işjeň durmuşa geçirilýär.

Pürli RASULOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hünärmeni.