Dostluk ýollary

21 Iýul 2022
657

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde kesgitlenilýär. 18-19-njy iýulda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisi, şeýle hem Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygy geçirildi. Halkara maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

Nursähet ÝUSUPOW,
Balkan welaýatynyň kazyýetiniň kazysy.