Türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy: geçilen ýola nazar

21 Iýul 2022
560

Şu gün — 21-nji iýulda türkmen-rumyn gatnaşyklaryna resmi taýdan badalga berilmegine laýyk 30 ýyl dolýar. Şu şanly sene mynasybetli iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy we şu güni hakynda gürrüň bermegini sorap, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Emil-Kalin KAMARAŞANA ýüz tutduk. Diplomat biziň sowallarymyza, ine, şeýle jogap berdi:

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl rumyn-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda ýubileý ýyldyr. Munuň özi häzirki ýagdaýlara baha bermäge we diplomatik gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin geljekki meýilnamalary taýýarlamaga aýratyn mümkinçilikleri açýar. Rumyniýa 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edip, soňlugy bilen 1992-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda Rumyniýanyň we Türkmenistanyň şol wagtky Prezidentleriniň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekilmegi möhüm wakalaryň biri boldy.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».