Dosta uzaýan ak ýollar

20 Iýul 2022
575

Mermer şäherimiz Aşgabatda geçirilen Ýewraziýada üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly iki günlük halkara maslahat öz işini üstünlikli tamamlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bu foruma gatnaşyjylaryň hatarynda boldular. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary ata Watanymyzda geçirilen halkara forumyň ähmiýetiniň ýokary derejededigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen öz işine badalga alan bu möhüm maslahat üç sany iş mejlisini özünde jemledi.

«Aşgabat».