Hyzmatdaşlygyň çägi ýene-de giňeldilýär

20 Iýul 2022
505

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Özbegistan Respublikasyna bolan iki günlük döwlet sapary doganlyk halklaryň ýüzýyllyklaryň içinden geçip has-da berkän dost-doganlyk, birek-biregi goldamak däplerine esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna täze öwüşgin çaýdy. Maglumatlardan görnüşi ýaly, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen bir ýylyň dowamynda 5 esse köpeldi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda şu ýylyň ahyryna çenli söwdanyň möçberini ABŞ-nyň 1 milliarddan gowrak dollaryna ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy barada ynam bilen aýdyldy. Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Iki döwletiň gatnaşyklaryna ysnyşyklyk we açyklyk ýagdaýy mahsusdyr. Ýene bir bellemeli ýagdaý, hormatly Prezidentimiziň döwlet sapary sebitde ýurtlaryň parahatçylyga, ösüşe we abadançylyga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň iki tarapa-da bähbitlidigini iş ýüzünde görkezýär.

Arkadagly Serdarymyzyň döwlet saparynyň çäklerinde iki döwletiň wekiliýetleriniň arasynda geleşikleriň birnäçesi baglaşyldy. Lebaply we buharaly telekeçiler bolsa özara bähbitli geleşikleriň birnäçesine gol çekişdiler. Bu taryhy wakalara gönüden-göni gatnaşan ildeşlerimiz iki doganlyk halkyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň garaşylýan ýokary netijeleri hakynda ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar.