Lebap — Buhara: gadymy gatnaşyklaryň täze sahypalary

20 Iýul 2022
580

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýeti  bu goňşy ülkede gulluk iş saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde göz öňünde tutulan duşuşyklardyr maslahatlaryň we medeni çäreleriň aglabasy Buhara welaýatynda geçirildi. Gulluk iş saparyna welaýatymyzyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň ýolbaşçylygynda öz işlerini gündogar sebitde alyp barýan işewürleriň hem birnäçesi gatnaşdy.

Buharadaky duşuşyklardyr maslahatlaryň çäklerinde iň möhüm ähmiýetlisi hökmünde Türkmen-özbek sebitara forumyny görkezip bolar.

Türkmen gündogary.