Ýollar — abadançylygyň çelgisi

20 Iýul 2022
599

Ýol — bu dostlugy, doganlygy, ýakyn hem-de ygtybarly gatnaşyklary saklamagyň möhüm guralydyr. Ýol halklary bakylyga, abadançylyga hem-de agzybirlige çagyrýan çelgidir. Ýollaryň çar tarapa uzamagy bakylykdan, parahatçylykdan alamat hasaplanýar. Bu gadymdan gelýän milli ýörelgeler bolsa Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen durmuşa geçirýän beýik tutumlary Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Bu aýdylanlary Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda bu ugra degişli 5 sany Kararnamany kabul etmegi hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Döwrüň bedew bady bilen öňe barýan Galkynyşly günlerinde hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyny ösdürmäge berýän aýratyn üns-aladalary netijesinde uly işler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň 18-19-njy iýulynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi bu babatda möhüm ädimleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitläp, halkara giňişlikde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri öňe sürýär» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwür ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ulag-üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmäge, geoykdysady taýdan amatly şertleri döretmäge hem aýratyn üns bermegi talap edýär. Ýurdumyz bu babatda oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi göz öňünde tutýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu başlangyçlar ýakynda geçirilen altynjy Hazar sammitinde hem öňe sürüldi.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW.
«Daşoguz habarlary».