Dostlukly gatnaşygyň mizemez binýady

19 Iýul 2022
618

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary, bu saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine badalga berilmegi hem şol döwletli ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bilen Özbegistan gadym goňşy halky diňe bir döwletlerimiziň arasyndaky ýüzlerçe kilometre uzap gidýän döwlet serhedi däl, eýsem taryhy kökleri, däp-dessurlary, dil we dini ygtykatlarynyň birligi, medeniýeti we sungaty, wagtyň synagyndan geçen berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Däp-dessurlaryň meňzeşligi hem iki halky islendik meselede birek-birege düşünmäge kömek edýär. Talyplyk ýyllarymda umumy ýaşaýyş jaýynda men özbek hem täjik gyzlar bilen bir otagda ýaşaýardym. Bizi däp-dessurlarymyzyň meňzeşdigi birleşdirýärdi, milli baýramçylyklarymyzy milli tagamlar bişirip bileje belleýärdik. Okuwdan bir aýlyk tejribelige ugradylanymda, hiç ýaýdanmazdan Özbegistany, özbek edebiýatyna we sungatyna bagyşlanýan gazeti saýlapdym.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».