Dost-doganlygyň dabaralanmasy

19 Iýul 2022
664

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ýakyn-u alys, şol sanda goňşy döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanmagy örän begendirýär. Ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň barha täze derejä çykmagy hem diýseň buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14—15-nji iýulda bu ýurda amala aşyran ilkinji döwlet sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda özbek kärdeşi bilen geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerine, şeýle-de beýleki duşuşyklaryna we bu ýurduň taryhy künjekleri boýunça tanyşlygyna «mawy ekran» arkaly syn etdik. Şol taryhy döwlet sapary mahalynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetlerinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakynda Teswirnama hem-de geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri baradaky deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekilmegi aýratyn guwandyryjy boldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gol çeken Bilelikdäki Beýannamanyň 25 bölümi öz içine almagy, onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag, energetika ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň anyk ugurlarynyň kesgitlenmegi türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini dabaralandyrdy.

Çaryýarhoja MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.