18-nji iýulda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly iki günlük halkara maslahat öz işine başlady. Ol Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlandy. Bu halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde gurady. Wekilçilikli foruma ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşdylar.