Ýaş türkmen žurnalistleri üçin tomusky mekdep öz işine başlady

19 Iýul 2022
913

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda türkmenistanly ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky mekdep öz işine başlady. 4 günlük okuw maslahatyna merkezi metbugat neşirleriniň, ýurdumyzda hereket edýän internet saýtlarynyň žurnalistleri hem adaty, hem onlaýn usulda gatnaşýarlar.

Žurnalistler üçin tomusky mekdebiň açylyşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň maksatnamalaýyn utgaşdyryjysy Rýune Kastberg giriş sözi bilen çykyş edip, nobatdaky okuw maslahatynyň maksadynyň sanly gurşawda maglumat bilen işlemegiň çemeleşmelerini, onuň durmuşa girişmeginiň yzygiderliligini we auditoriýanyň talaplaryny öwrenmekden ybaratdygyny belledi. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine sanly žurnalistikanyň gurallarydyr onuň esasy görnüşleri barada has giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik dörediler.

«Türkmenistan»