Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen ol yzygiderli ösdürilýär

18 Iýul 2022
672

Ata-babalarymyz goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet beripdirler. Çünki goňşular bilen hoşniýetli gatnaşyk asudalygy saklamaga, umumy bähbitlere laýyk gelýän meseleleri bilelikde çözmäge ýakyndan ýardam berýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolup, onuň çäklerinde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, olaryň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy, resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şeýlelikde, bularyň ählisi ýurdumyzyň goňşular bilen gatnaşykda dostluk, doganlyk däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

FORUM, DUŞUŞYKLAR, SERGI, KONSERT

"Nesil".