TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: geljegi uly strategik hyzmatdaşlyk

17 Iýul 2022
621

Mälim bolşy ýaly, 14 — 15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu sapar ýurt Baştutanymyzyň iň ýokary döwlet wezipesinde Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet sapary bolup, iki dostlukly ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde täze ädim boldy. Munuň şeýledigini degişli saparyň dowamynda gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňe sürlen teklipler aýdyňlygy bilen tassyklady.

Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasy Merkezi Aziýa sebitinde ata Watanymyzyň dostlukly gatnaşyklary amala aşyrýan, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýän ygtybarly hyzmatdaşydyr. Muny 1993-nji ýylyň fewral aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan iki ýurduň şu günki günde özara dürli saparlar, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk netijesinde ýeten sepgitleri doly delillendirýär. Statistiki maglumatlara salgylansak, diňe 2007 — 2022-nji ýyllar aralygynda ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 25-si amala aşyryldy.

Rahym BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.