Türkmen-özbek sebitara forumynda 40-a golaý resminama gol çekildi

13 Iýul 2022
991

Şu gün Buhara şäherindäki ýaşlar merkezinde birinji Türkmen-özbek sebitara forumy geçirildi. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 40-a golaýyna gol çekildi.

Türkmen we özbek telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirjek resminamalar eksport we import amallary boýunça, şeýle-de bilelikdäki şertnamalardan ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen serhetleşýän Lebap we Daşoguz welaýatyndan bolan telekeçileriň uly topary özbegistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar.

«Türkmenistan».
Buhara ş.