Türkmenistan we BMG: rowaçlanýan hyzmatdaşlyk

12 Iýul 2022
574

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz Milletler Bileleşigi we onuň esasy edaralary hem-de ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, sebit we dünýä ähmiýetli meseleler boýunça oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz bu abraýly halkara guramasynyň mejlislerinde ählumumy maksatlara kybap gelýän parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Kararnamalaryň ençemesini kabul etmegi hem-de agza ýurtlar tarapyndan uly goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende göterilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy, şeýle hem şu ýylyň 12-nji maýynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi has-da buýsandyryjydyr. Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde we bütin dünýäde ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmak, dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegini kepillendirmek, daşky gurşawy goramak ýaly halkara meseleler boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde hem netijeli işleri amala aşyrýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.