Türkmen wekiliýetiniň Buhara sapary başlandy

12 Iýul 2022
1028

Şu günler türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Buhara şährinde gulluk iş saparynda bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda, wekiliýetiň agzalary saparyň dowamynda Türkmen-özbek sebitara forumyna, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky Işewürlik geňeşiniň mejlisine, Türkmenistanyň we Özbegistanyň önümçilik mümkinçilikleriniň sergisine, türkmen-özbek bilelikdäki dostluk konsertine gatnaşarlar.

«Türkmenistan»
Buhara ş.