Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

12 Iýul 2022
1077

Aşgabat, 11-nji iýul. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi hem-de türkmen we türk halklaryny tüýs ýürekden gutlap, bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge hem-de külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

www.tdh.gov.tm