Türkmenistan — BMG: gender syýasaty dabaralanýar

11 Iýul 2022
588

Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň netijeleri boýunça jemleýji Jarnama kabul edildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde şol Jarnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ykrar edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy.

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan döwletli işlere zenanlaryň erkekler bilen deň derejede gatnaşmagy ugrunda zerur bolan şertler döredilýär.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy.