Türkmen-özbek dostlugy

11 Iýul 2022
639

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň ozalkylardan-da has rowaçlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde «Aşgabat» seýilgähi açylypdy. Onuň açylyş dabarasynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dostlukdan bir nyşan hökmünde agaç nahallaryny oturdypdy. Seýilgäh biziň paýtagtymyzyň kiçeldilen görnüşini ýada salýar. Dogrusy, bu ýerde özüňi Aşgabada seýle gelen ýaly duýýarsyň. Megerem, okyjylar Daşkent şäherinde dana şahyrymyz Magtymgulynyň ýadygärliginiň, onuň adyny göterýän şaglap duran köçäniň bardygyny-da bilýän bolsalar gerek. Nesip bolsa, Aşgabat şäherinde-de «Daşkent» seýilgähi açylyp, ulanylmaga berler.

Perhat MUSAJANOW,
özbegistanly ýazyjy.

Taýýarlan Çary GELDIMYRADOW.