Hanoýa gulluk iş sapary Wýetnamyň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribesini öwrenmek babatda netijeliligi bilen tapawutlandy

8 Iýul 2022
546

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 27-nji iýuny — 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Gurluşyk düzümine degişli hünärmenlerden, daşary syýasat edarasyndan, bilim işgärlerinden, telekeçilerden, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat toparyň dostlukly ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn esasda ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna jogapkär ýolbaşçylar bilen geçirýän iş maslahatlarynda gurluşyk senagaty we önümçiligi boýunça dünýä tejribesini öwrenmek babatda eden sargytlaryndan ugur alnyp, Wýetnamyň öňdebaryjy şähergurluşyk tejribesini öwrenmek boýunça guralan sapar netijeli boldy.

"Nesil".