ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tejribesi öwrenilýär

4 Iýul 2022
511

Golaýda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça onlaýn maslahat geçirdi. Şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda utgaşykly görnüşde guralan bu maslahata degişli hödürnamany taýýarlamak üçin döredilen işçi toparyň agzalygyna girýän ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. ÝUNESKO-nyň degişli hünärmenleri bolsa oňa onlaýn usulda goşuldylar.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa maslahaty açyp, çärä onlaýn tertipde gatnaşýan BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň aragatnaşyk, şäherler we çäreler bölüminiň başlygy Denis Baksy Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin hödürnamany taýýarlamak boýunça täze döredilen işçi toparyň agzalary bilen tanyşdyrdy hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler barada gürrüň berdi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».