Şu günki gurluşyk — ertirki taryh

4 Iýul 2022
565

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda, Garabogaz köl aýlagynyň üstünden guruljak köpri hakynda oýlanmalar

Bu täzeligi «Watan» habarlar gepleşiginde eşidip, begenjinden gobsunanyň köp bolandygy çyn. Şondan salym geçmänkä, internet sahypalaryny dördüm. Tüweleme, buşluk habarynyň älem içre beýle çalt ýaýraýşyny! Ynha, dürli internet neşirleri Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň Hazar deňzindäki Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak hakynda şertnama gol çekendigini ýazýarlar. Habarlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu Kararynyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş Ýewraziýa yklymynda ulag-logistika düzümini döretmegiň juda möhüm bölegi boljakdygy nygtalýar. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda başlamak we köprini eltiji ýollary doly gurmak bilen, 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenilýär.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.