Aşgabat sammiti: Hazar hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

1 Iýul 2022
706

29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitine dostluk, ynanyşmak ruhunyň mahsus bolandygyny turuwbaşdan bellemeli. Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary, möhüm halkaradyr sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ýokary derejeli duşuşyk ak şäherimiz Aşgabadyň, asyl-ha, tutuş türkmen topragynyň dünýäniň ykbalyna diňe haýyr işler bilen dahyllydygyny ýene bir gezek görkezdi.

Aslynda, Hazarýaka ýurtlaryň tagallalaryny bir akaba gönükdirmek, Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek babatda geçilen uzyn ýoluň ilkinji ädimleri Türkmenistandan başlanypdy. 2002-nji ýylyň baharynda türkmen paýtagty Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny bir döwrede jemläpdi. Aşgabat sammiti ylalaşygyň we Hazar deňziniň meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamagyň ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýokary derejeli duşuşyk hökmünde taryha girdi. Özi-de ol taryha köpasyrlyk hyzmatdaşlygyň täze sahypasy, täze sepgidi hökmünde girdi.

Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan».