Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Türk işewüri duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi, şeýle-de giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.