Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

28 Iýun 2022
506

Aş­ga­bat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Tür­ki­ýä­niň “Po­li­meks In­şa­at Taahhüt ve Sa­nayi Ticaret A.Ş.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Erol Ta­ban­ja­ny ka­bul et­di.

Işe­wür du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş ga­zan­ýan Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ma­ýa go­ýum üçin dö­re­di­len amat­ly şert­ler we bar bo­lan ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler Tür­ki­ýä­niň, umu­man, da­şa­ry ýurt­la­ryň işe­wür dü­züm­le­ri üçin türk­men ba­za­ry­nyň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, “Po­li­meks” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.