Goňşy ýurda ynsanperwer kömegi

27 Iýun 2022
617

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi.

Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek, zerur halatynda doganlyk goluny uzatmak türkmenleriň gadymdan bäri nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda ugradylan ynsanperwerlik ýüki hem türkmen halkynyň owgan halkynyň durnukly ösüşine nobatdaky goşandy boldy.

«Balkan».