Deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak

24 Iýun 2022
647

20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi

«CNPC-niň» ýolbaşçysy hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna, iri düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edýärler. Döwlet Baştutanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtap, deňhukuklylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine we taraplaryň hoşmeýilli erkine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilendigini belledi. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen «CNPC-niň» köpýyllyk gatnaşyklardaky oňyn ornuny kanagatlanma bilen belledi.

"Nesil".