Hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary

24 Iýun 2022
614

Döwletimiz oňyn Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, ençeme ýurtlar bilen hoşniýetli dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan halkymyz hemişe dost-doganlyk gatnaşyklaryna örän uly üns beripdir. Bir-birege ynanyşmak arkaly giň gerime eýe bolan şol gatnaşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Häzirki döwürde gol çekilen şeýle resminamalaryň sany 288-e ýetdi. Ýene bir aýratyn bellemeli wakalaryň biri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda Arkadagly Serdarymyzyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy türkmen-rus dostluk gatnaşyklarynyň aýratyn häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykardy.

Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.